Žurnalistiň sahypasy

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

30-10-2024 / 108

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan sepgitler bilen bir hatarda, milli bilim ulgamy babatda hem bellenilenler bizi has-da buýsandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz baý mazmunly çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýip, bu ulgamlaryň sazlaşykly işini jaýdar häsiýetlendirdi. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýa» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berendigini bellemegi, bu ulgama degişli döwlet resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hut çagalar baglaryndan başlap döwrebap derejede bilim almaklary babatda taýsyz tagallalar edýän we bu ugurda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Arslan KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu