
Bilim ulgamyndaky ösüş-özgertmeler, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan üstünlikli döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündemek bilen: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip belleýär.
Häzirki döwürde bilimiň hilini ýokarlandyrmakda täze talaplar bildirilýär. Bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary, birnäçe daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony 2018—2024-nji ýyllarda durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda täze özgertmelere badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolmaklary buýsandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň Aziýa uniwersitetleriniň — Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingine «habarçy» derejesi bilen girmegi milli bilim ulgamynyň öňde durýan wezipelere mynasyp taýýarlyklydygyny görkezýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hem şeýle netijeleriň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy, Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi.
Ýaşlar eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Çünki taryhyň beýik işler bilen ýazylýandygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýar. Nesip bolsa, bu günki ýaşlar kämil bilimi ele alyp, eziz Watanymyzyň ösüşli ýollaryny nazarlaýan maksatnamalara öz taslamalary bilen gatnaşmaga ukyply, ylymly adamlar bolup ýetişer.
Ýunus ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet enegetika institutynyň 5-nji ýyl talyby.