Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Akyldar şahyrymyzyň bilim we terbiýe mekdebi

30-10-2024 / 40

Türkmen halkynyň guwanjy, dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Akyldar şahyryň edebi mirasynyň şeýle ýokary derejede wagyz edilmegi halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Dana Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady halky dogry ýola gönükdirmekde, ýaşlary terbiýelemekde, olaryň aň-bilim derejesini ösdürmekde köp işleri bitiripdir. Ol ylmy Günüň nuruna deňäpdir. Magtymguly Pyragynyň ylym ýoluna düşmeginde Döwletmämmet Azadynyň aýratyn yhlasy bardyr. Pyragy: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýmek bilen, ylymly-bilimli bolmagynda öz atasynyň tagallalarynyň uludygyny aýdypdyr. Atasy oglunyň zehinine ýaşlykdan göz ýetirip, hünär öwretmek bilen bir hatarda, oňa ylym hem öwredipdir. Magtymguly Pyragy atasynyň başlangyçlaryny dowam etdiripdir. Döwletmämmet Azady ýaşlary ylymly-bilimli etmegiň zerurdygyny aýdan bolsa, Magtymguly Pyragy özüniň «Alymlara uýsaň, açylar gözüň», «Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr» diýen ýaly setirleri bilen alymlar bilen gatnaşykda bolmagy nesihat edipdir. Akyldar şahyryň goşgularynda durmuşda yz galdyran belli şahsyýetlere, ussatlara hormat goýmak pikiri güýçli duýulýar.

Akyldar şahyr «Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil» diýmek bilen, her bir işde nusgalyk, asylly, dogry hereketler bilen adamlara görelde görkezmelidigini aýdypdyr. Ýagşy gylyk-häsiýetli bolmagy, bir-birege ýagşylyk etmegi, hormat etmegi ündäpdir.

Şahyryň: «Agzy ala bolan iliň//Döwleti gaçan ýalydyr», «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» kimin setirleri onuň halkyň aladasynda ýaşandygyny, halkyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, bir başa bakmagynyň, bir döwlete gulluk etmeginiň arzuwyny edendigini, şeýle asylly niýetler bilen adamlary terbiýelemäge, dogry ýola gönükdirmäge çalşandygyny görkezýär.

Akyldar şahyrymyzyň bilim, terbiýe mekdebini täzeden has çuňňur öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Döwletgeldi NARLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu