Žurnalistiň sahypasy

Milli ykdysadyýetimiz — ösüşiň kämil nusgasy

29-10-2024 / 44

Aýtgylaryň birinde «Gurýan, döredýän döwlet gurpludyr» diýilýär. Hakykatdan-da, ösüşler, öňegidişlikler islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýeten belent derejesinden habar berýär. Ösüşiň, ilerlemäniň bar ýerinde rowaçlyk bar. Ýurtda şeýle döwletlilik höküm sürende, onuň dowamaty dowam bolýar, taryha ebedilik bolup ornaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we halk hojalygynyň geljegi uly ugurlaryny has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, senagat pudagyny häzirki zaman dünýä tejribesi esasynda döwrebaplaşdyrmak we oňa daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze önümçilikleri ýola goýmak we elektron senagaty kämilleşdirmegi dowam etmek ýaly wezipeler ileri tutulýar. Öz nobatynda bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga we Türkmenistany senagat döwletine öwürmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan dünýäniň ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmak, täze «ykdysady geçelgeleri» döretmek bilen, daşary söwdada üstünlikli çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny tapmagyny, uly abraý-hormata eýe bolmagyny şertlendirdi. Döwletimiz deňhukukly we özara bähbitli halkara ykdysady hyzmatdaşlyk syýasatynda özi üçin täze, uly mümkinçilikleri açýar. Durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady taslamalar milli ykdysadyýeti hem-de sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistanda daşary ykdysady işiň kämilleşdirilmegine, täze bazarlaryň özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen wezipeler ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu daşary ykdysady ýörelgeler dünýä ösüşiniň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmak we döretmek parahatçylykly ösüşi üpjün etmegiň aýrylmaz, möhüm şertidir. Söwda-ykdysady gatnaşyklar halklaryň ösüşe ymtylmak isleginden gelip çykýar.

Türkmenistanyň milli ulag-logistika strategiýasynyň mazmunyny we esasyny Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döwrebap dikeltmek konsepsiýasy düzýär. Orta asyrlarda ülkeleri we halklary birleşdiren bu gadymy kerwen ýoly ýurdumyzyň çäginden geçipdir. Ony häzirki döwrüň netijeli halkara hyzmatdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýoluna öwürmek baradaky pikir-garaýyşlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli ulag taslamalary bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, häzirki geosyýasy we geoykdysady şertler, zerurlyklar, maksatlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Orazmuhammet MÄDEMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu