Žurnalistiň sahypasy

Ylym we bilim ― üstünliklerimiziň binýatlyk esasy

28-10-2024 / 39

Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.

Sanly bilim — kämil tejribe. Muny dünýä tejribesi doly subut etdi. Bu babatda häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, agzalan konsepsiýalar milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede berkitmäge, ulgamy sanlylaşdyrmaga — sanly bilim ulgamyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň hut şu ugurda geljekde hem giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini bellemegi bolsa, bilimler ýurduna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistanda iň kämil innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly bilim ulgamynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde we halkara gatnaşyklarynda örän möhüm orun eýeleýär. Degişli ugurda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä dillerini bilýän ýaşlar we ussat halkaraçylar ýetişdirilýär. Munuň özi döwletimiziň abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýäniň ösen döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni taýdan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan başarjaň türkmen ýaşlarynyň täze nesliniň kemala gelýändigine doly güwä geçýär.

Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Maksat HASANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu