Žurnalistiň sahypasy

Belent maksatly ýaşlar

28-10-2024 / 42

Täze taryhy döwürde ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli işler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatyň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlar jemgyýetiň ähli gurşawyndaky özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler» diýen sözlerinden ugur alyp, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlary beýik geljegimiz üçin bilim alýarlar, döredýärler, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da şöhratlandyrýarlar.

Ýaş nesilleri Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Şunda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge degişli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar baradaky milli kanunçylygymyzyň binýadynyň berkden tutulýandygyna güwä geçýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy ýaşlaryň ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky ornunyň kanunçylyk binýadyna hem möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu halkara ykrarnama ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Goý, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Laçyn HÜMMEDOWA,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-iň operatory.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu