
Görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolmak bilen, beýik şahyryň döredijilik mirasy umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine, şeýle hem parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrüldi. Munuň şeýledigine 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, döwletlilik ýaly arzuwlar milli filosofiýa ýugrulyp beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň köňlüne siňen paýhas ummanydyr. Ol şygyrlarda ynsanperwerlik, dogan-gardaş, dost-ýar, agzybirlik hakyndaky pikirler baýdak kimin asmana göterilýär. Şoňa görä-de, daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň hem-de ýokary derejeli wekilleriň gatnaşan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda beýik akyldar şahyryň türkmen medeniýetini we dilini belende göteren şahsyýetleriň biridigi, öz manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrandygy, döredijiliginiň bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrandygy aýratyn bellenildi. Çünki iri forum Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilip, beýik akyldaryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek onuň esasy maksady boldy.
Magtymguly Pyragynyň şanly toýuna bagyşlanyp dostlukly döwletleriň ençemesinde köp sanly çäreler geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda we daşary ýurtlarda beýik akyldaryň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Dana şahyryň ady dostlukly döwletleriň paýtagtlarynyň, beýleki iri şäherleriniň köçelerine, seýilgählerine dakyldy. Onuň şygyrlaryna aýdymlar döredilip, sahna oýunlary goýuldy, çeper filmler surata düşürildi. Şeýle-de dana şahyryň goşgulary ermeni, özbek we gyrgyz dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Sebäbi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilýän ynsanperwer ýörelgeler bütin adamzady bir maksada — parahatçylyga, agzybirlige, ynsanperwerlige çagyrýar.
Şoňa görä-de, beýik söz ussadynyň ýubileýi mynasybetli halkara forumdaky çykyşynda döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň baý mazmunly beýik mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitländigini aýdyp, onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklardaky möhüm ähmiýetini belledi. Bir söz bilen aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan öz daşary syýasatynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýaly ynsanperwer ýörelgelerden ugur almak bilen, bu ýörelgeler akyldar şahyryň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär.
Gyzylgül TEKELIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.