Žurnalistiň sahypasy

Bilim bermegiň täze tejribeleri

26-10-2024 / 43

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr.

Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýanlyga, her pursatynyň many-mazmuna beslenýän terbiýe ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr. Biz hem şeýle buýsançly döwürde milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly we netijeli zähmet çekmäge, körpe nesillerimizi hakyky manysynda terbiýelemäge we sowat öwretmäge çalyşýarys.

Çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işlerini maksadalaýyk alyp barmakda döwlet Maksatnamalaryndan, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda kabul edilýän Konsepsiýalardan, kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýarys. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol-ýörelgämiz hasaplap, esasy gollanmalarymyz hökmünde peýdalanýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alyp, mekdebe çenli bilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň täze tejribeleri hem öwrenilýär we özleşdirilýär. Şol sanda çagalar bakja-bagymyzda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribelerini artdyrmak maksady bilen usuly sagatlary, pedagogik geňeşleri has-da mazmunly we netijeli guramaga üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli, pedagogik işgärleriň has-da kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Zulfiýa JÜMEZEROWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu