Žurnalistiň sahypasy

Dokma senagaty — üstünlikli ösüşiň ugry bilen

25-10-2024 / 61

Ykdysady kuwwatyň uly serişdelerini özünde jemleýän, ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa iň güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Türkmen dokma önümleri arassa, nah matalara isleg bildirýän sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär. Iň oňat inženerçilik çözgütleri esasynda, tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar kuwwatly dokma senagaty bolan döwlet hökmünde ornuny berkidýän hem-de dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzyň kuwwatynyň we mümkinçiliginiň nyşanydyr. 

Dokma pudagy ileri tutulýan milli bähbitleri hem-de dünýä ykdysady giňişligindäki umumy integrirlenmek meýillerini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Mundan başga-da ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalar bar.

Ýurdumyzda tebigy-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda öňdäki orunlarda durýar.

Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi. Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi bilen bazarlarda uly islege eýedir. Dokma kärhanalarynyň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar we ulular üçin amatly, göze gelüwli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Önümiň täze tapgyry döredilende, möwsümleýin talaplar we alyjylaryň islegi göz öňünde tutulýar. Şunda, esasan, hil-rahatlyk — oňaýlylyk ýaly marketing ýörelgesinden we amatly nyrh syýasatyndan ugur alynýar.

Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabadyň dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly önümleri, Marynyň «Ýeňiş» fabriginiň önümleri, Aşgabadyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň we beýlekileriň önümleri hem meşhur harytlardyr. Milli bezeglere baý, dürli reňkli, owadan, amatly taýýar eşikler dünýä bazarlarynda-da öz mynasyp ornuny eýeleýär.

Bu işler milli dokma harytlarynyň dünýä bazarynda has-da giňden tanalmagyna we öňe ilerlemegine ýardam eder. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda örän uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Maýsa BEGENJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu