Žurnalistiň sahypasy

Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

25-10-2024 / 34

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini-de ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 108,4 göterim berjaý edilmegi hem pudagyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde soňky ýyllarda onuň düzüminiň üsti gaz turbinaly elektrik beketler, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda gurlan elektrik beketler bilen ýetirildi. Mary DES-inde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi.

Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda guruldy. Taslamanyň Mary — Ahal bölegi bolsa 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taslamanyň üçünji tapgyrynyň — Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de bu tapgyryň çäklerinde her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri guruldy. Jemi uzynlygy 572 kilometre ýetýän Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi.

Güljan HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu