Žurnalistiň sahypasy

«Akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri

24-10-2024 / 27

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgeleriniň sarpasy belent hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde berkarar döwletimiz, bagtyýar döwrümiz ösüşiň täze tapgyryna, özgerişlikleriň belent sepgitlerine sary ynamly gadam urýar. Halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak we ösüp gelýän ýaş nesliň nurana geljegini üpjün etmek bilen bagly wajyp wezipelere gönükdirilen bu ösüş-özgerişlikler ildeşlerimiziň her biriniň göwün guşuny ganatlandyryp, kalbyna ruhy joşgun eçilýär.

Milli Liderimiziň asylly başlangyjy we ýiti öňdengörüjiligi bilen güneşli Diýarymyzyň kartasynda täze peýda bolan Arkadag şäheri hem şol ösüş-özgerişlikleriň aýdyň nyşany hökmünde binagärlik aýratynlygy, ýokary amatlylyklary boýunça göreni haýran galdyrýar. Şeýle döwletli işler bolsa guwandyryjy hem-de buýsandyryjy netijeler bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergi hem nobatdaky gezek subut etdi. Mälim bolşy ýaly, bu gözden geçirilişde Arkadag şäheri üç baýraga mynasyp boldy.

Ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejä çykarylýan Arkadag şäheri bu gün türkmen halkynyň buýsanjy hökmünde öňe saýlanýar. Ol ýerleşýän ýeri, özboluşly taslama aýratynlygy, milli hem häzirki zaman binagärlik tejribeleriniň özara sazlaşygy bilen tapawutlanýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirilýän täze şäher şähergurluşygyň iň soňky tehniki gazananlaryny-da özünde jemleýär. Arkadag şäherine gowşurylýan abraýly halkara baýraklar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän köpugurly innowasion şähergurluşyk taslamalarynyň, olaryň durmuşa geçirilişiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Arkadag şäheri ýurdumyzy dünýäniň iň bir öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen tagallalaryň oňyn netijesi bolmak bilen, şäherlerimiziň, şäherçelerimiziň we obalarymyzyň täze, döwrebap keşbini şöhlelendirýär. Munuň şeýledigini «akylly» şäherimiziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda-da ýaşaýjylaryň durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrjak, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň taslamasyna aýratyn ähmiýet berilýändigi hem görkezýär. Şu ýerde ýene-de bir zady aýratyn nygtamak isleýäris: Arkadag şäheri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygynyň hem buýsançly ykrarnamasydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynda göz öňünde tutulýan wezipeleriň bu ajaýyp şäherde öz beýanyny tapýandygy hem aýdylanlary tassyklaýan bolsa gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen, şäherleriň, obalaryň keşbi has-da özgerdi. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşyny we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şertleriň döredilmegine uly üns berilýär. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Dawutmyrat HOJAMGULYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hunär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu