Kompýuter tehnologiýasy hemişe täzeligi talap edýän hereketdäki, ösüşdäki gyzykly ugur. Şonuň üçinem, kompýuter bilen gyzyklanmak köpler üçin diýseň özüne çekiji. Sanly ulgamy hödürlemegiň esasy usuly internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmakdyr.
Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) täze hasabatyna görä, dünýäde internet ulanyjylaryň sany köpelýär, emma dünýä ilatynyň 37%-i üçin ol henizem elýeterli däl. «Häzirki wagtda dünýä ilatynyň üçden iki bölegi internet bilen üpjün edilen bolsa-da, doly üpjün etmek üçin entek edilmeli işler kän. HEB galan 2,9 milliard ilatyň internet üpjünçiligi üçin gurluş mehanizmleriniň bardygyna göz ýetirmek maksady esasynda, ähli taraplar bilen işleşer» – diýip, HEB-niň Baş kätibi Houlin Çžao aýtdy.
Türkmenistanda häzirki zaman aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynyň ösüşine, internetiň we sanly hyzmatlaryň elýeterlili bolmagy ýurdumyzyň umumy durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti hökmünde garalýar. Döwletimizde her ýyl geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýasy we ýaýlym enjamlary pudagyna degişli halkara sergiler, maslahatlar bu pudagyň gazananlaryny we ösüş mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, lingafon otaglary, multimedia enjamlary, internet ulgamy bilim bermegiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Galyberse-de, gerek maglumatlaryň gysga wagtyň içinde tapylmagyna, şol az wagtda bir däl-de, birnäçe maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Her ýyl mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň internetiň üsti bilen halkara internet ýaryşlaryna gatnaşmagy hut şu ulgamyň aýratynlyklaryndan biridir. Sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy täze zehinlileriň ýüze çykmagynda-da uly ähmiýete eýedir.
Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmaklary babatda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Oguloraz DURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hunär okuw mekdebiniň mugallymy.