
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugra aýratyn üns, kömek-goldaw bermegi ussat maldarlaryň täze-täze üstünlikleriniň tämiz gözbaşy bolup durýar. Şeýle aladalardan ugur alyp, kömek-goldawlardan ruhlanýan edermen çopan-çoluklar işlerinde «Malym — janym» diýip, tutanýerli zähmet çekýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyzda iri, ýöriteleşdirilen, häzirkizaman täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä ülňelerine laýyk gelýän gara maldarçylyk toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär we olaryň sany gitdigiçe artýar. Bu toplumlarda daşary döwletlerden ýokary önüm berýän tohum mallar getirilip idedilýär.
Ýurdumyzda gara maldarçylygy ösdürmekde pudagyň işini ylmy esasda ýola goýmagyň, mallaryň tohumçylygyny ösdürmegiň, seleksiýanyň netijeli usullaryny ulanyp, oba hojalyk mallarynyň ýokary önümli täze toparlaryny döretmegiň, saklamagyň, talabalaýyk iýmitlendirmegiň ylmy-amaly ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda gara mallaryň esasan, gyzyl sähra, goňur latwiýa, şwis, gara ala golştin, monbelýard, simmental, aberdin-angus tohumlary ösdürilýär.
Gara maldarçylyk pudagy senagat esasynda alnyp barlanda, ot-iým üpjünçiligine aýratyn üns bermeli. Şonuň üçin ýeterlik mukdarda silos, senaž, bede, konsentrat iýmleri ýeterlik mukdarda taýýarlamaly. Ot-iým üçin niýetlenen ýorunja, arpa, mekgejöwen ýaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hojalyga berkidilen ýerde amala aşýrylýar. Munuň özi süýt berýän sygyrlary ýylyň dowamynda silos ýaly şireli otlar bilen doly üpjün etmäge kömek edýär.
Mallary dogry idetmek üçin ot-iýmleriň düzüminde ýeterlik suw, mineral maddalar, belok, ýag, kletçatka we witaminler bolmaly. Ot-iýmleriň gowy tagamlylygy we hoşboý ysy ýaly häsiýetleri olaryň siňňitlilik derejesine täsir edýär. Çünki olar mallaryň işdäsini artdyrmak bilen, aşgazanda suwuklygyň bölünmegine we iýmitiň gowy siňmegine ýardam edýär.
Şunlukda, gara maldarçylyk pudagynyň halk hojalygynda ähmiýeti örän uly bolup, ol adam üçin iň gymmatly, esasy iýmitleriň biri bolan bolan süýt we et önümleri bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gadyr AMANDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ Maldarçylyk kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.