Halkymyzyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamyny dünýä tejribelerine daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň sazlaşykly ösdürilýän ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler hem hut ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Şunda sanly bilim ulgamy, uzak aralykdan geçirilýän okuwlar, bilim portaly we beýlekiler oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri biziň her birimiz üçin ýolgörkezijidir. «Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr. Ylym jemgyýetleri hereketlendiriji, döwletleri ösdüriji ägirt uly güýçdir» diýip, onuň ähmiýetine ýokary baha berýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde sanlyja ýylyň içinde ylym-bilim ulgamynda bitirilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde döwrebap täze bilim edaralarynyň ulanylmaga berilmegi, olaryň iň kämil tehniki enjamlar, elektron kitaphanalary, döredijilik ussahanalary, sport zallary bilen üpjün edilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Ýörite orta we ýokary bilimli inženerler, tehnologlar, programmaçylar häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şeýlelikde, elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary — bular dürli ugurlarda gerekli maglumatlary almaga, ýaşlaryň bilim başarnygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň kabul edilmegi ajaýyp zamanamyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan bilim özgertmeleriniň hil derejesiniň täze belentliklere göterilmegini üpjün etdi. Bu günki gün sanly serişdelerden baş çykarýan, daşary ýurt dillerini bilýän bagtyýar ýaşlarymyzy göreniňde, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, gurmaklary, döretmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmeýär.
Selbi NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energo tehnologiýa fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.