Žurnalistiň sahypasy

Oba hojalyk pudagy netijeli ösdürilýär

23-10-2024 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürip, iň girdejili pudaklaryň birine öwürmekde, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde dünýäniň ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar.

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz çuňňur manyly çykyşynda şeýle belläp geçdi: «Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda oba hojalygyna aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary bilen, Oba hojalyk ministrliginiň Däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň hem-de Tohumçylyk merkeziniň açylmagy oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmäge, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge ajaýyp mümkinçilikleri açdy.

Ýurdumyzda bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylygy ylmy esasda alyp barmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak babatda alymlardyr hünärmenler maksada gönükdirilen işleri amala aşyrýarlar.

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl bermäge ukyply güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi oba hojalygynda uly üstünlikleriň gazanylmagyna şert döredýär. Munuň özi obasenagat toplumynyň döwrebap derejede ösmeginiň esasy şertini emele getirmek bilen, daýhanlarymyzyň, ýer eýelerimiziň päk zähmete höwesini, hyjuwyny artdyrýar. Eziz Diýarymyzy bereket mekanyna öwren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Enejan NAZIRJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu