
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşandy bolup, onuň özenini ynsanperwerlik, Watana söýgi, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat ýaly aýratynlyklar düzýär. Şoňa görä-de, beýik akyldaryň döredijiligini wagyz etmek boýunça medeni dialog döwletleriň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Muňa 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, ussat şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Bu ajaýyp şygyr ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň köňlüne siňen paýhas ummanydyr. Ol şygyrlarda ynsanperwerlik, dogan-gardaş, dost-ýar, agzybirlik hakyndaky pikirler baýdak kimin asmana göterilýär. Şoňa görä-de, daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň hem-de ýokary derejeli wekilleriň gatnaşan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda beýik akyldar şahyryň türkmen medeniýetini we dilini belende göteren şahsyýetleriň biridigi, öz manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrandygy, döredijiliginiň bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrandygy aýratyn bellenildi. Çünki iri forum Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilip, beýik akyldaryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek onuň esasy maksady boldy.
Beýik söz ussadynyň ýubileýi mynasybetli halkara forumdaky çykyşynda döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň baý mazmunly beýik mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitländigini aýdyp, onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklardaky möhüm ähmiýetini belledi. Bir söz bilen aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan öz daşary syýasatynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýaly ynsanperwer ýörelgelerden ugur almak bilen, bu ýörelgeler akyldar şahyryň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär.
Dünýä JUMAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 60-njy orta mekdebiň 2-nji derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy.