Žurnalistiň sahypasy

Tejribeleri artdyrýarys

Nesiller bilen öňe barýarys!

24-10-2024 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar.

Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, biz hem şäherimizde ýerleşýän rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda okuw maksatnamalaryndan ugur alyp sapaklarymyzy innowasion taýdan baýlaşdyrylan, usuly taýdan kämilleşdirilen esaslarda guramaga çalyşýarys.

Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä geçýän sapaklarymyzy gün tertibiniň talaplaryna laýyk gurap, bagtyýar nesillerimiziň duýgularyny ösdürmekde, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmakda, şekillendiriş sungaty, ýelimlemek, gurnamak hünärlerini öwretmekde, sowat öwretmekde, ýönekeý matematik düşünjelerini ösdürmekde, bedenterbiýe arkaly fiziki ösüşi gazanmakda, sözleýiş dilini ösdürmekde, aýdym-saz sapaklary arkaly sungat başarnyklaryny kämilleşdirmekde, şeýle-de rus we iňlis dillerini öwretmekde meýilnamalaýyn işleri maksadalaýyk amala aşyrmaga çalyşýarys. Sapaklarda oýun usullaryndan peýdalanyp, adaty, adaty däl, innowasion, işjeň görnüşlerde guraýarys.

Ýeri gelende bellesek, çagalar bakja-bagymyzyň müdiri Tawus Annamämmedowanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän usuly sagatlara, pedagogik geňeşlere we beýleki usuly-guramaçylyk işlerine hem işjeň gatnaşyp, öz tejribelerimizi artdyrmaga çemeleşýäris. Çagalar bakja-bagymyzyň halypa terbiýeçileri bilen birlikde mekdebe çenli bilim we terbiýe düzümlerinde gazanylýan täzelikler, durmuşa geçirilýän tasalamalar, dünýä tejribesi we halkara gazananlary bilen hem işjeň tanşyp, öňdebaryjy iş usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerimize ornaşdyrýarys.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň täze okuw ýylynda bolsa Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge girişdik. Bu Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, welaýatymyzda geçirilen «Innowasion sapaklar» atly bäsleşige hem öz toparymyzda terbiýelenýän körpelerimiz bilen gatnaşyp, Mary şäher we welaýat tapgyrynda baýrakly orna eýe bolduk. Bu bolsa şeýle üstünlige mynasyp bolan terbiýeçi hökmünde meniň hünärime bolan söýgümi has-da artdyrdy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy bizi has netijeli we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Berkarar döwletimizde bilim-terbiýeçilik ulgamynyň işini ösdürmäge, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!

Güljeren HOMMADOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu