Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýmek bilen, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunda Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Bu möhüm resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir. Munuň özi ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň durnukly ykdysady ösüşiň wajyp şertidigini aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine hem aýratyn üns berilýär. Şunda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işleriň halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirilmegi babatda olimpiadalar, okuw seminarlary yzygiderli geçirilýär.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ilýas ÇARYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.