Žurnalistiň sahypasy

Çagalar baglarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilişi

22-10-2024 / 32

Ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň öwredilýän sowadyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan biz hem ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda milli bilim syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarys. Çagalar bakja-bagymyzda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Okuw maksatnamalaryndan we düzgünnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünliliki ýerine ýetirmek üçin, şeýle-de bagtyýar nesilleriň daşary ýurt dilerli boýunça başarnyklaryny, sözleýiş dilini ösdürmek ugrunda sanlylaşdyrylan sapaklary ýokary derejede guramaga çalyşýarys.

Mekdebe çenli ýaşly çagalara daşary ýurt dillerini, aýratyn-da, iňlis we rus dillerini öwretmek baý terjibäni, yhlasy, guramaçylygy talap edýär. Şu nukdaýnazardan, biz hem çagalar bakja-bagymyzda öňdebaryjy iş tejribäni özleşdirmäge, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp sapaklary sanlylaşdyrylan esasda guramaga, usulyýetimizi baýlaşdyrmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga ymtylýarys. Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmegiň usulyýetini kämil özleşdirip, sapaklarymyzy berkitmegi, geçilenleri gaýtalamagy  öwrediji oýunlaryň üsti bilen amala aşyrýarys. Dil sapaklarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä audio we wideo materiallaryň, ekran eserleriniň kömegi arkaly dilden düşündiren temalarymyzyň üstüni ýetirýäris.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde degişli döwlet maksatnamalaryndan, okuw meýilnamalaryndan we beýleki resminamalardan ugur alnyp sapaklary maksadalaýyk derejede guramak ugrunda biziň ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýä, hünär kämilligine,  çagalaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Sapargül TUWAKOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu