
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi, dana pikirleri, ajaýyp taglymatlary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä içre, halkara derejesinde çuňňur öwrenilýändigi oňa goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem dünýä içre sarpaly akyldar şahyrymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan saglyk baradaky pikirleri hem ynsanyýete baky peşgeşdir.
Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji nobatda goýupdyr. Akyldar şahyr şygyr setirlerinde: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýip, ýaş-juwanlygyňdan tä garrylyga çenli saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir.
Dana şahyrymyz adamyň on iki süňňüniň sagat we gelşikli bolmagy barada ýerlikli wesýetleri edipdir. Magtymguly atamyz ynsan saglygy iki bölümden, ýagny beden we ruhy saglykdan durýar diýip hasaplaýar. Bu barada ol ynsanyň sagdynlygy ajaýyp daşky keşbi hem gözel ruhy dünýäsi bilen sazlaşsa, ynsanperwer kalby döredýänligini hem nygtapdyr. Akyldar şahyrymyz ýüz, saç, gaş, dyrnak kimin beden agzalarynyň tämiz we tebigy bolmalydygyny tekrarlaýar. Bular barada: «Hozuň daş gabygy, gülälek suwy, // Suwun saça çalsaň gara reň bolar» diýip, ýerlikli belleýär. Zenanlara hem müşki-anbar ysy berýän tebigy gözellik serişdelerini ýerlikli ulanmagy ündäpdir. Akyldaryň käbir şygyr setirleri saça basmadyr hyna goýulmagynyň köp keselleriň öňüni almaga kömek edýändiginden, ruhy lezzet berýändiginden habarlydygyny aňladýar.
Şahyryň şygyrlarynda bedenterbiýäniň hem lukmançylygyň dürli tilsimleri şahyrana, düşnükli dilde, ylmy nukdaýnazardan kämil derejede beýan edilýär. Olar ýaşlary ynsanperwer talaplarda terbiýelemäge, sözüň doly manysynda kämil hünärmenler edip ýetişdirmäge mümkinçilik döredýär.
Magtymgulynyň şygyr dünýäsiniň esasy mazmuny adamlarda kalby päkligi, gözelligi, mylaýymlygy, halallygy, ynsaby, birek-birege hormaty, wepalylygy, Watana söýgini, ynsanperwerligi döretmekden ybaratdyr. Ol adamyň saglygy üçin zerur bolan şadyýanlygy, beden hem ruhy gözelligi, arassalygy wasp etmek bilen sagdyn ýaşaýyş durmuşy wagyz edipdir. Bu pelsepeler ähli adam üçin gymmatlydyr.
Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.