Žurnalistiň sahypasy

Sahawatly işleriň sogaby

20-10-2024 / 39

Sahawatlylygyň, haýyr işleri amal etmegiň sogaby örän uly. Bu ýörelgeler türkmençiligiň hem ajaýyp sypatlarydyr. Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri sahawatly başlangyçlary goldap, ýagşy işleriň başyny tutmagy, iň gowy adamkärçilik sypatlaryny dabaralandyryp, olaryň nesilden-nesle ösdürilmegine gönükdirilendir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Haýyr işleri amal etmek, duýgudaşlyk, dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly işler haj parzyny berjaý etmek bilen deňeçer hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Bu bolsa türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda ýagşy işlere goşant goşýan adamlaryň sarpasy hem belent tutulýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilip, bu abraýly sylag bilen saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň sylaglanmagy ulus-ilimiziň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Ilkinji nobatda hem «Arkadag» medalynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza gowşurylmagy halkymyzy has-da buýsandyrdy. Medalyň keşbi hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşanynyň saýlanyp alynmagy, onda el-ele berip duran, milli lybaslarda al-elwan öwüşginlerdäki çagalaryň şekilleriniň bolmagy sylagyň bütin many-mazmunyny açyp görkezýär.

Berkarar döwletimiziň şöhratly taryhy buýsançly wakalara baý. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy bolsa milli sahawatlylyk ýörelgelerimiziň halkara ykrarnamasydyr. Ilkinji gezek gaznanyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň geçirilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe boldy.

Beýik ynsanperwer şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Ömür saly artar alkyş alanyň» ýa-da «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýşi ýaly, hemişe ýagşylyk ýaýyp, alkyş almagy ündeýän ata-enelerimiziň ak arzuwlary bu günki günde döwletimizde ynsanperwerligiň baş ýörelgesine öwrülýär.

Güljahan AȘYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Mugallym: Keýik GURBANMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu