Medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş türki älem üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi bagtyýar ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyrdy.
«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümden ybarat kitapda türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk, kökleri müňýyllyklara uzaýan Änew şäheriniň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, bu ýerde geçirilen gözlegleriň netijeleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri anyk maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda neşir edilen bu kitap watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Çünki taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklary islendik halkyň geçmişi, däp-dessurlarydyr medeniýeti bilen içgin tanyşmagyň, milli aýratynlyklaryny dünýäde wagyz etmegiň möhüm çelgisidir.
Bu ajaýyp kitapda pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Täze neşir taryhy geçmişimize, milli mirasymyza, ata Watanymyza, ene topragymyza bolan söýgümizi has-da artdyrýar. Çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döredip, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi babatda beýik işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ymam ATAHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.