Türkmen halky Ýer ýüzünde öz topragyny, ýurduny jandan söýýän millet hökmünde tanalýar. Bu asyllylyk «Ser bereris, ýer bermeris» diýen Oguz hanyň döwletliliginden, Gorkut atanyň parasadyndan, Görogly begiň dogumyndan, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndan kök alýar. Halkymyzyň watançylyk terbiýesi täze eýýamymyzda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň eserleri arkaly dowamata uzaýar.
Milli Liderimiz: «Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýmek bilen, terbiýäniň esaslaryny Watan söýgüsi bilen kesgitleýär. Diýmek, öý-ojakdan gözbaş alýan bu ýörelge maşgala jebisligi ýaly synmaz, ene süýdi ýaly halal, ata pendi ýaly mukaddesdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly ajaýyp kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän milli watançylyk däpleri hakyndaky parasatly söhbetleri döwrüň ýaş watançylaryny kemala getirmekde gymmatly hazynadyr. Elbetde, öz ýurduny janu-tenden söýýän, ezizleýän, onuň ykbalyny öz ykbaly saýýan şeýle beýik şahsyýetleriň göreldesi bilen bolsa türkmen watançylyk taglymaty heňňamlara uzaýar, bakylyga çelgi bolýar.
Watana bolan hormat-sarpa peder-perzent gatnaşyklary arkaly nesillere geçýändigi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk şahsyýetinde hem aýdyň duýulýar. Çünki öz topragynyň beýik watançysy, ilhalar ynsan, edermen esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylygy, Watana bolan söýgüsi Mälikguly Berdimuhamedowyň manyly ömründe hem aýdyň şöhlelenýär.
«Dünýäň baýlyk genji Watandyr, Watan!» diýýän Mälikguly aganyň terbiýe sapaklarynda kemala gelen hormatly Arkadagymyzyň beýik watansöýüjiliginiň dowamaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerinde görünýär. Bu sazlaşykdan we aýrylmaz baglanyşykdan emele gelip, nesilme-nesil, arkama-arka dowam edip gelýän kämil watansöýüjilik beýik şahsyýetleriň taglymatlary arkaly tutuş ile ýaýraýar, nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülýär.
Atabaý ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.