Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forum halkymyzyň gadymdan gelýän milli döwletlilik ýörelgeleri bilen häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryny sazlaşykly utgaşdyryp, halk bilen häkimiýetiň özara jebisliginiň, bitewüliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Milli däp-dessurlarymyza eýerýän Halk Maslahaty hem ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy amala aşyrýar. Umumymilli forumyň dowamynda ýaşuly we ýaş nesilleriň wekilleriniň, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň çykyşlary diňlenildi. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy we ýaşlar syýasaty dogrusynda aýratyn nygtamagy hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi nesilleriň bagtyýar şu gününi we geljegini nazarlaýan beýik başlangyçdyr.
Umumymilli forumyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler, geljek üçin meýilnamalar barada çuňňur mazmunly çykyş edip, ýurdumyzyň zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem eziz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» resminamalaryň bardygy aýratyn buýsandyryjydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýaly, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurdy. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy bolsa ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.
Umuman, şu gezekki umumymilli forumda örän möhüm soraglar ara alnyp maslahatlaşylmak bilen, Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi berkarar döwletimiziň gülläp ösüşini üpjün etmekde, bagtyýar durmuşyny gazanmakda Halk Maslahatyna aýratyn ornuň degişlidigini görkezýär.
Muhiddin BABAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.