
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň köňülleri joşa getirýän ynsanperwer şygarlary köňüllere ýakymlylyk çaýýar. Şeýle paýhasly setirler döwürleri birleşdirýär, bagtyýar durmuşa ynamy berkidýär. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda ýokary derejede geçen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu hakykaty ýene bir gezek ykrar etdi.
Bu forum ägirtligi daglara we asman belentligine barabar beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň iň ulularynyň biri bolup, oňa dünýäniň meşhur syýasatçylarynyň, döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň, meşhur adamlarynyň onlarçasy gatnaşdy. Foruma gatnaşyjy belent mertebeli myhmanlar öz pikirleriniň düýp mazmunyny Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi» diýen sözleri, dünýäniň meşhur syýasy Liderleriniň forumdaky çykyşlary türkmen medeniýetiniň ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ýeten derejesiniň buýsançly hakykatydyr.
Halkara foruma gatnaşan ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Beýik akyldaryň şanyna toýlanan dünýäniň toýunyň dabaralary halkymyzyň myhmana hormatynyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda» Permany esasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sylaglamak dabarasy geçirildi. Olaryň arasynda daşary ýurtly alymlaryň, terjimeçileriň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň bardygy örän buýsandyrýar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýakynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelleri açylyp, akyldar şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi. Bu wakalar dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini aýdyň görkezýär.
Şeýlelikde, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy çuňňur filosofik, jemgyýetçilik-syýasy pikirleri öz içine alyp, türkmen halkynyň ýokary medeniýetine şaýatlyk edýär.
Zülpizer BAÝPULATOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň statisti.