Täze taryhy döwrümizde gazanýan zähmet üstünliklerimiz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn artdyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, bu babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetmeklige mümkinçilik berýär. Şeýle zähmet üstünlikleriniň sakasynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan, bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli ösdürilip, mynasyp dowam etdirilýän, bazar gatnaşyklary şertlerinde durmuşa gönükdirilen ykdysady syýasatyň durýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň aýratynlyklaryny nazarda tutup, hormatly Prezidentimiz 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtady.
Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler döwleti dolandyrmakda türkmen halkyna mahsus bolan, gadymdan gelýän halk demokratiýasynyň milli ýörelgelerine berk eýerilmegi bilen hem aýrylmaz baglydyr. Il-ýurt bähbitli, döwletli işleriň halk bilen maslahatlaşylmagy şol ýörelgeleriň biridir. Halkyň bähbidine gönükdirilen işleriň ilatyň ähli gatlaklaryndan wekilleriň gatnaşmagynda maslahatlaşylyp amal edilmegi döwletli, il-ýurt bähbitli tutumlara paýhasly hem oýlanyşykly çemeleşmäge, netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň many-mazmunly çykyşynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüş depgini üpjün edilýär. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar içerki bazarlarymyza çykarylyp, haryt bolçulygy döredilýär. Şeýle hem milli önümleriň eksportynyň artdyrylmagy ýurdumyzyň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Halkymyzyň, ýurdumyzyň bähbitlerine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.