
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Şanly senä bagyşlanyp, Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şu ýylda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi milli medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär.
Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, beýik şahyryň gymmatly mirasyny dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredip, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge gönükdirilen strategik maksatlary, uzak möhletli milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, gülläp ösüşiň ýolundan ynamly öňe barýar. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr.
Annasapar ILMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.