Türkmeniň halyçylyk sungaty gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol halkymyzyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly öwüşginleri özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemala gelen nepis halylarymyz bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmeniň çeper elli gelin-gyzlary tarapyndan dürli ýyllarda owadandan nepis äpet halylaryň ençemesi dokaldy. 1942-nji ýylda dokalan ilkinji ägirt uly haly «Türkmen kalby» diýlip atlandyrylypdyr. 2009-njy ýylda dokalan «Galkynyş» halysy hem halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda dokalan, her bir inedördül metrinde 304 müňe çenli çitimi bolan «Altyn asyr» halysy bolsa, dünýäde iň uly el halysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň meýdany 301 inedördül metre, möçberi 14 we 20 metre, agramy 1,5 tonna barabardyr. Ol halyçy gelin-gyzlaryň 40-sy tarapyndan dokaldy.
Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny, asuda we parahat durmuşyny alamatlandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde dünýä meşhur halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge, onuň gadymy nusgalaryny gorap saklamaga uly üns berilýär. Türkmeniň gadymy milli sungaty bolan haly gölleriniň nagyş aýratynlyklary, onuň taryhy kökleri barada ylmy maglumatlar bilen bilelikde halkyň arasynda haly dokamagyň milli ýörelgeleriniň adatlary hem öwrenilýär. Halylara salynýan nagyşlaryň gelip çykyşy hakyndaky mesele halkymyzyň medeni däplerine degişli meseleleri öwrenmekde aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» we «Janly rowaýat» atly kitaplary uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri täze taryhy zamanada — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem milli baýlygymyz bolan el halylarymyzyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamagyň, ösdürmegiň we baýlaşdyrmagyň ynsanperwer döwlet syýasatymyzyň mizemez ýörelgeleriniň biri bolmagynda galýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.
Nargül ABDYRAHMANOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.