Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly Pyragynyň mirasy — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň binýady

17-10-2024 / 58

Turuwbaşdan 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň möhüm, taryhy wakalarynyň biri bolandygyny bellemek gerek. Foruma birnäçe ýurduň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, medeniýet işgärleriniň, diplomatlaryň gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr. Ýokary derejeli halkara forumyň ikinji bölüminiň «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» diýlip atlandyrylyp, onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilmegi aýratyn mazmuna eýedir. Çünki akyldar şahyrymyzyň beýan edýän ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, milli diplomatiýamyzyň özenini düzýär.

Ýokary derejeli forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza, tutuş türkmen halkyna dostlukly döwletleriň Liderleri tarapyndan akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni, özbek we gyrgyz dillerine terjime edilen neşirleriniň sowgat berlendigini bellemek ýakymlydyr. Bu neşirleriň tanyşdyryş dabaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip belleýşi ýaly, döwlet berkararlygy merdana ata-babalarymyzyň kalbynda umyt-arzuw bolup ornady, milli buýsanç bolup kök urdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu