
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. TDH-da habar berlişi ýaly, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary wekilçilikli forum dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
Iri halkara habarlar agentlikleri, maglumat-seljeriş portallary, teleýaýlymlar we köp sanly internet saýtlary, şol sanda Russiýanyň «ТАСС» we «PИA Новости», «Россия 24», Türkiýäniň «Anadolu Ajansi» habarlar agentlikleri, Hytaýyň «CGTN» halkara habarlar teleýaýlymy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary öz sahypalarynda şöhlelendirdiler.
Dünýä metbugaty foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny sarpalamak bilen bir hatarda, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy, medeni dialogy esasy ugurlar hökmünde mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezendigini belledi. «МИР» döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur habar beriş serişdeleri — «МИР 24» teleýaýlymy hem-de maglumat-seljeriş internet portaly bu ýokary wekilçilikli forumyň işi, onda beýan edilen pikirler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdi.
«Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi Magtymguly Pyragynyň mirasynyň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr» diýlip, habarlaryň birinde nygtalýar. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine türki dünýäde aýratyn sarpa goýulýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň forumdaky çykyşyndan bölekler tutuş dünýäde millionlarça okyjysy bolan esasy habarlar agentlikleriniň sahypalarynda, meşhur internet saýtlarynda orun aldy.
Sabina JORAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.