Žurnalistiň sahypasy

TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: medeni hyzmatdaşlygyň netijeleri

18-10-2024 / 35

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri — geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda her ýylyň 17-nji oktýabrynda ÝUNESKO agza döwletlerde, şol sanda Türkmenistanda Halkara Maddy däl medeni miras gününiň bellenilip geçilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýeri gelende bellesek, Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýa 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda medeni dürlüligi üpjün etmekde we durnukly ösüşi kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan medeni mirasyň ähmiýetini göz öňüne tutulyp kabul edildi. Ýurdumyz bu konwensiýa 2011-nji ýylda goşuldy. Şol ýyldan bäri hem Türkmenistan konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.

Bütin dünýäde meşhurlyga eýe taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda Milli Liderimiziň başyny başlan medeni diplomatiýasy esasynda ummasyz işler durmuşa geçirildi. Bu asylly ýörelgeleri ýokary derejede dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy täze ugurly ösüşlere eýe boldy. Bu babatda geçen, 2023-nji ýyl aýratyn buýsandyryjy seneleriň birine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň ÝUNESKO doly hukukly agza hökmünde kabul edilmeginiň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geçen döwründe biziň döwletimiz ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalarynyň 12-sine goşuldy, şonuň netijesinde Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly irki we orta asyr ýadygärlikler toplumlary möhüm taryhy ähmiýetli milli gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu döwürde «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Türkmen halyçylyk sungaty», 2021 — 2023-nji ýyllaryň dowamynda hem «Dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» hem-de «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy dünýä ýaň salan türkmen ahalteke bedewleriniň halkara ykrarnamasyna öwrüldi.

Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösmegi, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde uly hormat-sarpa eýe bolmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bagtygül GELDIMYRADOWA,
Köýtendag etrabynyň Daşrabat geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu