Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary ilkinji bilim basgançagy bolup, bu ýerde ýurduň ýaş nesilleri bilimler dünýäsiniň täze belentliklerine tarap badalga alýarlar. Şunda kiçilikden başlap, olaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Bu babatda mekdebe çenli bilim edaralarynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň gatnaşmaklarynda «Daşary ýurt dillerini okatmak döwrüň talabydyr» atly bäsleşigiň geçirilmegi oňyn netijeleri berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda biziň çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileri bu bäsleşigiň şäher tapgyryna ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Bäsleşigiň şäher tapgyry 10-njy çagalar bagynda geçiriler.
Çagalaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşikleri guramak, hepdelikleri geçirmek, göreldeli sapaklary geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek we usuly kömek bermek işlerini netijeli alyp barýarys. Bu bolsa çagalar bakja-baglarynda guralýan daşary ýurt dilleriniň öňdebaryjy iş usulyýeti arkaly kämilleşdirilýändigini, daşary ýurt dili mugallymlarynyň tejribesiniň artýandygyny görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde degişli döwlet maksatnamalaryndan, okuw meýilnamalaryndan we beýleki resminamalardan ugur alnyp sapaklary maksadalaýyk derejede guramak ugrunda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.
Dünýä dillerini öwrenip, parahatçylyk ýoly bilen ak geljege gadam basmaga ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Täjigül NAROWA,
Daşoguz şäheriniň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.