Žurnalistiň sahypasy

Ynama ygrarly nesiller

16-10-2024 / 29

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli däp-dessurlarymyza eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Halk Maslahatynyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň bagtyýar şu gününi we geljegini nazarlaýan, ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak babatda çözgütleriň kabul edilmegi buýsançly netijelerdir.

Täze taryhy döwrümizde ýaşlara bildirilýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlar Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Gülşat DURDYMURADOWA,
TOHI-niň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 101-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu