Žurnalistiň sahypasy

Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler

16-10-2024 / 20

Täze taryhy döwrümizde oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär. Täze belent sepgitlere, buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy, döredijilikli zähmeti bar. Şoňa görä-de, döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi eziz Diýarymyzyň zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Türkmenistan tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň üsti bilen tohumçylyk meseleleri boýunça halkara we sebitara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar. Munuň şeýledigini 16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk önümleriniň sergisi, 19-njy sentýabrda guralan «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi aýdyňlygy bilen görkezdi.

Şunda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergide ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijeleri görkezildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda döredilen güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze görnüşleri hem tanyşdyryldy. Bu görnüşler, deňeşdirilýän görnüşe garanyňda, hasyllylygynyň we hil görkezijileriniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde synag edildi hem-de etraplaşdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyz boýunça 580 müň gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna «ak altyny» döwlet harmanyna tabşyrmak meýilleşdirilýär. 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý eden daýhanlarymyzyň bu arzyly sepgide hem üstünlikli ýetjekdiklerine ynanýarys. Munuň üçin ähli şertleri döredip berýän, şeýle uly üstünlikleriň, öňdengörüjilikli oba hojalyk özgertmeleriniň başynda duran hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Arazjemal NURMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu