Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Türkmen edebiýatynyň şuglasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

12-10-2024 / 13

Magtymguly Pyragy – dünýä ähmiýetli şahsyýet. 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna halkara derejede ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Mälim bolşy ýaly, beýik şahyrymyzyň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy.

XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şanly toýuna bagyşlanyp köp sanly çäreler geçirildi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda onuň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň hem-de ähli döwürleriň söz ussady, beýik akyldary bolmak bilen, eserlerinde bütin adamzady parahatçylyga, agzybirlige çagyrypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum möhüm ähmiýete eýedir.

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejesinde dabaralandyrmak babatynda beýik başlangyçlarynyň esasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmaty milli çäklerden çykyp, umumadamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Rozygül TURSUNBAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu