Žurnalistiň sahypasy

Tohum mallary köpeltmek — döwrüň talaby

12-10-2024 / 36

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk mallary tohum mallara we tohum däl, ýagny adaty mallara bölünýär. Adaty mallara başgaça harytlyk mallar hem diýilýär. Sebäbi olar et-ýag, süýt, ýüň we beýleki önümleri öndürmek üçin köpeldilýär. Tohum mallar bolsa, şol tohumyň genofonduny – nesil goruny saklamak we kämilleşdirmek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Tohum mallar öz durkuny nesline dolulygyna, durnukly we yzygiderli geçirmäge ukyply mallardyr. 

Olaryň önüm berijiligi harytlyk mallara garanda, ortaça 25 – 30 göterim ýokarydyr. Tohum mallar öz tohumyna degişli we genetiki taýdan ýokary önüm berijiligi hem-de ýokary tohum hili bilen tapawutlanýan mallary üznüksiz köpeltmäge ukyply mallardyr.

Tohum mallar tohumçylyk hojalygynda we fermalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, şol bir tohuma degişli bolan mallaryň üznüksiz köpeldilmegi we olaryň genofondunyň – nesil gorunyň üstüniň yzygiderli doldurylmagy şol kärhanalarda amala aşyrylýar.

«Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda maldarçylyk bilen meşgullanýan taraplaryň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary kesgitlenýär. Kanunda maldarçylykda tohumçylyk işi bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň, fiziki we ýuridiki taraplaryň işleriniň esasy ugurlary görkezilýär. Bu resminamada tohum maldarçylygynyň wezipeleri kesgitlenilýär. Tohum maldarçylygy boýunça döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän edaralaryň sanawy anyklanylýar we olaryň wezipeleri bellenilýär.

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda oba hojalyk mallarynyň şu aşakdaky tohumlary ösdürilýär: saryja tohumly goýunlar, garaköli tohumly goýunlar, az möçberde bolsa inçe we ýarym inçe ýüňli merinos tohumly goýunlar, gissar tohumly goýunlar, çöpür berýän ýerli gara geçiler, angor tipli ýüň berýän ak geçiler, arwana tohumly düýeler, şwis tohumly gara mallar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde tohum mallaryny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, daşary ýurtlardan ýokary önümli süýt ugurly golştin tohumly sygyrlar we et-süýt ugurly monbelýard, simmental tohumly sygyrlar, et ugurly aberdin – angus mallar ýurdumyza getirilip, tebigy-howa şertlerimize uýgunlaşdyrylyp başlandy.

Umuman, tohumçylyk işi boýunça täze düzümiň kemala gelmegi häzirki wagtda hereket edýän tohumçylyk hojalyklarynda we fermalarynda bu ugurdaky işleriň täzeçil guralmagyna ýardam etdi. Oba hojalyk mallarynyň baş sanynyň agramly böleginiň jemlenen ýeri bolan hususy eýeçilikde we fermer hojalyklarynda tohumçylyk işini alyp barýan hojalyklaryň döremegi hem-de maldarçylygyň hususy eýeçilige degişli böleginde tohumçylyk işiniň giň gerime eýe bolmagy bu pudakda işleriň ilerlemegine amatly şert döredýär. Pudagyň kanunçylyk binýadynyň döredilmegi hem-de ýola goýlan işleriň döwrebaplaşdyrylmagy bolsa, oňyn netijeleri berýär.

Şamuhammet AMANMÄMMEDOW,
TOHI-niň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu