Dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Bu Konsepsiýa bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminama bolup durýar. Ol girişden we 8 bapdan ybarat: Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy; Konsepsiýanyň esasy maksady we wezipeleri; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlyk; Konsepsiýany amala aşyrmagy maliýeleşdirmek; Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeler.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu gymmatly tabşyryklary umumybilim edaralarynda ýaşlaryň okuw derslerini çuňňur özleşdirmeklerini üpjün edýän okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly ulgamyň döredilmegini we onuň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) 8-nji maddasyna laýyklykda, Konsepsiýada umumybilim maksatnamalarynyň ähli derejeleri, has takygy, mekdebe çenli bilim, başlangyç bilim, esasy we doly orta bilim, mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary anyk kesgitlenendir. Şeýle hem bu möhüm resminamada umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary-da öz anyk beýanyny tapýar.
Milli bilim ulgamynyň usulyýet goruny baýlaşdyrmaga, okamak, öwrenmek üçin çeşmeleri artdyrmaga uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Mähri ARAZMUHAMMEDOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy.