
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun aldy. Dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy şu arzyly zamanamyzda hasyl boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyryň dürdäne goşgularynda öňe sürülýän paýhasly pikirler ähli halklar üçin watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip, akyldar şahyryň edebi mirasyna uly baha berýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek biz — bilim işgärleri üçin hem mukaddes borç bolup durýar. Çünki ýaş nesilleriň kalbynda Watana wepalylygy kemala getirmekde, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza söýgi döretmekde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar.
Diňe öz Diýarymyzda däl, dünýäniň meşhur bilim edaralarynda, okuw ojaklarynda hem Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyna we ylmy-pelsepewi çeşmelerine salgylanylýandygy mälimdir. Bu ýörelge ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda has-da giň gerimli alnyp barylýar. Şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynda hem şahyryň parasatly pentlerine, şahyrana wesiýet-ündewlerine uly orun berilýär. Çünki Pyragynyň ähli eserleri milli terbiýeçiligiň özeni, gözbaşy bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň Gün pursatlarynyň içinden Pyragynyň paýhaslary eriş-argaç bolup geçýär.
Magtymguly atamyzyň ündewli setirlerini hünär kämilliginiň çeşmesi hasaplaýan terbiýeçiler körpeleri ir säherde kabul edýän pursatlaryndan başlap ruhuny belende göterýärler, günüň sowatly guralmagyna girişýärler. Irdenki maşklarda şahyryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän setirlerine salgylanyp, beden saglygy bilen ruhy sagdynlygy sazlaşykly gazanmaga çalyşýarlar.
Gezelenç pursatlarynda şahyryň watansöýüjilik pelsepesinden ugur alyp, nesillerde daş töwerege, tebigata we zähmete söýgi döredilýär. Munuň özi nesilleri terbiýelemekde we olary döwletlik ruhunda kemala getirmekde hem-de çagalara gözellik terbiýesini bermekde ajaýyp usuldyr.
Ogulnäzik GURBANOWA,
Mary şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, KA-nyň işjeň agzasy.