Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Köňülleriň şahyrynyň sarpasy

12-10-2024 / 27

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşmaklarynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum üstünlikli geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak umumadamzat gymmatlygydygynyň, şeýle hem beýik şahyryň şygyrlarynyň bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändiginiň möhüm görkezijisine öwrüldi.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna hem müdimilik ýazyldy. Aradan üç asyr wagtyň geçendigine garamazdan, şahyryň döreden eserleri bu gün öz ähmiýetini ýitirmän, biziň öňümizde bütin beýikligi bilen örboýuna galýar, adamlary ynsanperwerlige, dostluga çagyrýar. Şoňa görä-de, şu gezekki halkara forumyň guralmagy möhüm ähmieýete eýedir.

Forumda daşary ýurtly wekiller nusgawy şahyryň eserleriniň köp dillere terjime edilendigini hem-de olaryň dünýäniň onlarça ýurdunda neşir edilendigini kanagatlanma bilen belläp, beýik türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndylaryny, saýlanan eserleriniň çap edilmegini we neşire taýýarlanylmagyny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, «Magtymguly Pyragynyň ensiklopediýalaryny» neşir etmek mümkinçiliklerini işjeň öwrenmek üçin uly gyzyklanmalaryň bardygy bellenildi. Bu neşirde Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenýän alymlaryň ylmy-barlag işleri baradaky maglumatlar toplanylar.

Forumyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän çäreleriň, şol sanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda guralýan dabaralaryň dowamy bolup durýar. Bu dabaralar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň umumadamzat edebi mirasyna goşan mynasyp goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýär.

Halkara foruma gatnaşyjylar parahatçylygyň hem-de ösüşiň esasy hökmünde döwürleriň we siwilizasiýalaryň aýrylmaz özara baglanyşygyny öwrenmek maksady bilen, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, şeýle hem Aşgabat şäherinde foruma gatnaşyjylara bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň halkyna we ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu