Mälim bolşy ýaly, 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr.
Turuwbaşdan bellesek, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy ägirt uly medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklary hökmünde adamlaryň ruhy dünýäsinde, hakydasynda giň orun aldy. Onuň köptaraply döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni-ruhy ösüşine hem uly goşant goşup, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýakynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelleri açylyp, akyldar şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi. Bu wakalar dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini aýdyň görkezýär.
Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi akyldar şahyryň eserleriniň häzirki döwürde dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini subut edýär. Bu halkara forum beýik türkmen nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, onuň şahyrana döredijiligine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tagallalaryň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.