Žurnalistiň sahypasy

«Ak altyn» — berekediň çeşmesi

11-10-2024 / 33

Keremli topragymyzyň baýlyklary türkmeniň Hakdan halatly halkdygyna güwä geçýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän döwründe gaýnap joşýan yhlasly zähmeti, pagta ammarlaryna tarap barýan tirkegleriň «ak kerwenini» synlanyňda, bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Daýhanlarymyz gowaçanyň ýurdumyzyň şertlerinde üstünlikli synagdan geçen ýokary hilli sortlaryny ekýärler. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen dokma senagat kärhanalarynda pagtany gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.

Garaşsyz Watanymyzda pagtaçylygy we onuň bilen utgaşykly dokma senagatyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Pagtaçy daýhanlaryň bereketli meýdanlardan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olara ýeňillikli şertlerde döwrebap tehnikalary satyn alyp bermek hem-de hususy oba hojalykçylara belli bir böleginde bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmek şerti bilen ýerler uzak möhletleýin kärendesine berilýär.

Häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we milli ekerançylyk tejribesiniň utgaşdyrylmagy taýýar önümiň ýokary hil talaplaryna laýyk gelmegini, ekologik taýdan arassa bolmagyny kepillendirýär. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýakynda paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisiniň hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi hem ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge örän çynlakaý çemeleşilýänligine şaýatlyk edýär.

Eziz Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde serişdeler gönükdirilýär, döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden zerur tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan täze sortlarynyň döredilmegine uly üns berilýär. Şoňa görä-de, daýhanlar, alymlar topragyň hasyl berijiligini gowulandyrmak, täze ýerleri ylmy esasda özleşdirmek babatda netijeli işleri alyp barýarlar.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu