Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — GDA: köpýyllyk tejribäniň oňyn netijesi

10-10-2024 / 15

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Moskwa şäherinde geçirilen sammitine gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sammitde eden taryhy çykyşynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz wekiliýet Baştutanlaryna ýüzlenip, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiziň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda möhüm meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklady. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.

Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu