Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet

10-10-2024 / 43

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi akyldar şahyryň eserleriniň häzirki döwürde dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini subut edýär.

Şu gezekki forumyň diňe bir döwletleriň däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň hem ünsüni çekendigini bellemek gerek. Şoňa görä-de, halkara guramalaryň we integrasiýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri foruma gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasyny özünde jemläp, geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärliginiň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilmegi beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýakynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelleri açylyp, akyldar şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi. Bu wakalar dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini aýdyň görkezýär.

Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirlerine, filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr.

Mübärek BABAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu