
Mälim bolşy ýaly, 11-nji oktýabrda Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum üstünlikli geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de wekiliýetler gatnaşdylar. Munuň özi forumyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýar.
Beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyň esasy mejlisinden soň, forum iki sany mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi. «Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat swilizasiýasyndaky orny» atly birinji bölüm Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi. Ýokary derejeli halkara forumyň ikinji bölümi «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» diýlip atlandyrylyp, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guraldy.
Bilşimiz ýaly, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.
Bular barada şu gezekki forumda edilen çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi. Bu halkara forum beýik türkmen nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, onuň şahyrana döredijiligine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tagallalaryň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.