Žurnalistiň sahypasy

Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr

10-10-2024 / 59

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, beýik şahyryň gymmatly mirasyny dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Şoňa görä-de, 11-nji awgustda Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin hem, şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, beýik şahyryň gymmatly mirasyny dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýedir:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi akyldar şahyryň eserleriniň häzirki döwürde dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini subut edýär. Bu halkara forum beýik türkmen nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, onuň şahyrana döredijiligine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tagallalaryň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Mähri BAÝRAMOWA,
TDIM-niň HGI-niň Syýasy-kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu