Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasynyň dabaralanmasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

10-10-2024 / 16

Türkmen halkynyň guwanjy, dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Şanly senä bagyşlanyp, Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasyny özünde jemläp, geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärliginiň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilmegi beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Esasan hem ýaş nesillere terbiýe berlende şahyryň goşgulary mysal getirilýär, onuň ähmiýeti düşündirilýär. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatyň ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda uly ornunyň bardygy edebiýatçy alymlar tarapyndan bellenilýär. Ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda ylym-bilimiň örän uly orny bardyr, çünki bilimli ynsan kämil şahsyýetdir, watansöýüji adamdyr. Şeýle watansöýüji ynsany terbiýelemekde hem çeper edebiýatyň, kitabyň orny uludyr. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýaşlara okatmak, oňa düşünmeklerini gazanmak ähmiýetlidir.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär.

Jemläp aýdanyňda, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilip, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirleri, filosofik garaýyşlary türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr. Çünki biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr.

Orungul REJEPOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 17-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu