Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly — döwürleri we siwilizasiýalary baglanyşdyrýan beýiklik

11-10-2024 / 42

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn seslenme tapdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi. Şoňa görä-de, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan bu wakanyň hem aýratyn many-mazmuny bardyr.

Şu gezekki forum beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köpsanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, beýik şahyryň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara maslahatyň esasy maksatlarydyr.

Bägül JUMAÝEWA,
TDIM-niň HGI-niň Syýasy-kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu