
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Gündogaryň beýik söz ussady, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny has-da belentliklere göterdi. Bu ýylda geçirilen ajaýyp işler taryhyň altyn sahypalarynda öz mynasyp ornuny aldy.
Akyldar şahyryň ajaýyp şygyrlary bu günki günde türkmeniň terbiýeçilik ýörelgesiniň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi. Öwüt-ündewe, sargyt-wesýetlere ýugrulan naýbaşy şahyrana eserleri bilen köňüllerde ýaşaýan Magtymguly atamyzyň edebi mirasy döwrüň ýaş nesillerini päk ruhy garaýyşlarda ýetişdirmekde bahasyz çeşme bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan hormat-sarpasy ähli durmuş wakalarynda, hatda ykbal kesgitleýji pursatlarda hem ýol görkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem öz beýik şahsyýetiniň many akabasyndan ruhy teşneligi ganýan halkymyz ähli işlerde,, şol sanda nesil terbiýesinde şahyryň eserlerine yzygiderli salgylanýar.
Bilşimiz ýaly, şu ýyl akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserinden ruhlanyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Bu şygar astynda halkara we milli derejeli birnäçe çäreler geçirilýär. Olarda şahyryň ömri we döredijiligi öwrenilýär, miras goýan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti wagyz edilýär. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda geçirilýän jemgyýetçilik işleriniň halkyň durmuşyndaky ähmiýeti ýaşlara düşündirilýär.
Belläp geçsek, şu ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli bilim ojaklarynda pedagogik işgärler tarapyndan mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşyklary, döredijilik maslahatlary, aýdym-sazly dabaralar, syýasy söhbetdeşlikler, göreldeli sapaklar, edebiýat agşamlary, döredijilik bäsleşikleri, synpdan daşary çäreler, kitaplaryň sergileridir beýleki okuw-terbiýeçilik ugurly çäreleri yzygiderli guralýar. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli buýsanjymyzy galkyndyrmakda döreden mümkinçilikleri, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly eserleriniň mazmuny, halkara derejeli çäreleriň ähmiýeti hakynda çykyşlar edilýär.
Biz hem şeýle asylly işlerden ruhlanyp milli bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň ýörelgelerinden ugur alyp, okuw-terbiýeçilik işlerini has-da kämilleşdirmäge, hil we mazmun taýdan baýlaşdyrmaga çalyşýarys. Şeýle ajaýyp zamanada pähim-paýhas ummanyna deňelen dana Pyragynyň abraý-mertebesini dünýä dolduryp, türkmen halkynyň milli buýsanjyny goşalandyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Mahym MUHAMMETBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.