Žurnalistiň sahypasy

Parahatçylyk simfoniýasy

10-10-2024 / 24

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde möhüm çözgütler kabul edildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmekde, Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge ýokary döredijilikli yhlas bilen çemeleşýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň çuňňur ähmiýetine Milletler Bileleşiginde berilýän beýik bahany aýan etdi. Şeýle buýsançly wakalar döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys» diýen sözleriniň aýdyň hakykaty bolup ruhumyzy belende göterýär.

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, dünýäniň syýasy senenamasynda Halkara Bitaraplyk gününiň döredilmegi, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, ajaýyp sazlaşygy döretmek bilen, döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly taglymatlary häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy üpjün etmek işlerinde möhüm çelgi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Türkmen Bitaraplygy bolsa parahatçylygy ösdürmegiň döredijilikli binýady hökmünde yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu hakykat Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çuň manyly çykyşlarynda hem aýdyň beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan, ylahy ylhamyndan syzylyp çykan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy bolsa parahatçylygy ösdürmegi ilerledýän kämil ruhy güýç boldy. Ol türkmen kalbynyň owazyny, türkmen Bitaraplygynyň mukamyny dünýä ýaýýan belent sena bolup ýaňlanýar. Dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu