Žurnalistiň sahypasy

Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

09-10-2024 / 17

Şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly senä bagyşlanyp, Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şu ýylda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi milli medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär.

Magtymguly Pyragy baý döredijiligi bilen üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärliginiň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilmegi hem beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýakynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelleri açylyp, akyldar şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi. Bu wakalar dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini aýdyň görkezýär.

Enejan MAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu